Thursday, August 26, 2021

Guwanç Ataýew barada ýatlamalar

Guwanç Ataýew, biziň türkmen dili we edebiýat mugallymyzdy. Pahyr, düýn, ýagny 25.08.2021-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Petersburg şäherinde ýogalypdyr. Biz uçurym bolanymyzdan soň, Guwanç mugallym beýnisinde tümör tapylyp operasiýa bolýar; soňam, mugallymçylygy wagtlaýyn bes edip, aňsadrak, beýnä we psihologiýa zeper ýetirmejek işlerde işleýär. 2008-nji ýylda, käbirlerimiz gullukdan gelenden soň, klasdaşlar bolup mugallymyň zyýaratyna gitdik. Şonda könäni ýagşylyk bilen ýatladyk, gülşüp-degişdik. Bu gün, twitterda hem oglanlar; "Eýý, Görogly," "Derýaşka (klasdaşym), tura-how," diýýän mugallym diýip halypany entägem gowy, degişjeň wakalar bilen ýatlaýarlar. Meniň pikirimçe, bu hem pahyr üçin jennetiň alamaty. Sebäbi adamlar seni yzyňdan ýagşylyk bilen ýatlamagy saňa bolan uly sarpany görkezýär. Men hem öz gezegimde bir ýatlamamy ýazasym gelýär.

2004 ýa-da 2005-nji ýylda, biz 8 ýa-da 9-njy klas wagtymyz türkmen dili we edebiýaty sapagynda düzme ýazmaly boldy. Şol döwür bizi okadan Guwanç mugallym Kalikat ýazylgy faýly görkezdi-de: "araňyzda iň gowy ýazana ine şuny berjek" diýdi. Düzmäni ýazdyk, tabşyrdyk. 1 hepde soň mugallym barlady we sapakda düzmäniň netijelerini aýtmaly, indi hemme sabyrsyz garaşýar. Klasda her kim Kerim Guwadyýewden, Derýa Serdarowdan iň gowy derejä garaşýar; sebäbi, Kerim hekaýa ýazmak ýaryşy boýunça türk mekdepleriň arasynda Türkmenistan boýunça 1-nji orna mynasyp boldy; Derýa-da, näme, ilki başda köp sapakda ökde bolsa-da, soňa-baka diňe Geografiýa, türkmen dili ýaly türk dilinde "sözel" diýilýän tarapa ýykgyn edip başlady. Guwanç mugallym eline baýragyny - Kalikat faýly aldy, ýanyma geldi we "tüweleme, dile çeper, süýji gürläp, gaty gowy ýazypsyň" diýip, baýragy maňa berdi. Monça boldum. Klasda, okuwçylaryň gözi öňünde, iň halanýan-hormatlanýan mugallymlardan biri Guwanç hojadan beýle sowgady we öwgüni almak depämi arşa ýetirdi. Alla sizden müň razy bolsun, gadyrdan halypa!

Bize kitap okamagy söýdüreniňe; siz ýaly gyzykly wakalary, başdan geçirenleriňizi ýatan wagtymyz turup, ýörite diňlär ýaly gaty gyzyklandyryp, gürrüň berşiňize; size öýkünjek bolup kitaba has-da höweslendireniňize; klasdaky gülkünç degişmelere; garaz, ähli zada biz gaty minnetdar, hormatly halypamyz. Goý, ýatan ýeriňiz ýagty, jaýyňyz jennet bolsun. Alla size rähim eýlesin. Yzyňyzda galan ýakynlaryňyza, maşgalaňyza, gyzyňyza (okuwçy döwrümiz "gyzym bar" diýerdiňiz) sabyr we başsaglygyny dileýäris. 

Hormatlamak bilen, Baýramaly türkmen-türk mekdebiniň okuwçysy, 2005 uçurymy Tirkiş Baýmuradow. № 181 we 417. 

Bellik: Merhum, Guwanç Ataýew öz döwründe Baýramaly we Mary türkmen-türk mekdeplerinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi we birnäçe altyn nesil ýaşlarynyň ýetişmeginde uly goşant goşdy. Ol ýokary okuw jaýyny Turkiýa Respublikasynyň Stambul şäherinde ýerleşen Istanbul ýa-da Marmara uniwersitetiniň "Türki diller" (Çagdaş türk lehçeleri) bölümini okan, eger ýalňyşmasam. Türkmenistan ýaňy Garaşsyzlygy alan ýyllary Turkiýa okuwa ugradylan toparlar bilen gaýdan. Jewizlibag Atatürk umumy ýaşaýyş jaýy (Cevizlibağ Atatürk öğrenci yurdu) barada hem köpden başdan geçirmelerini gyzykly edip gürrüň bererdi.