Asyl loly Lälemi, ýa gyňaçly "erkeklermi?"
Läle geçen hepde ejesini jaýlap gaýtdy. Özi ýetim ulaldy; ol entäk çaga wagty; kakasy, Aşgabatda işläp ýörkä, gurluşyk kranynyň aşagynda galyp, ölýär. Sowet döwrü bolansoň dul galan ejesine ölmez-ödi posobiýa kömek puly berýärler. Ogulsona hem çagalaryna başardygyndan ýetimligi bildirmän ýetişdirýär. Oba arçyny bu dul aýala käwagt gytak göz bilen garap öz erbet pygyllaryny amala aşyrmak üçin öz wezipesini we täsirini ulanýar. Elbetde, beýle wysalyň Ogulsona bilen arçynyň arasynda bolup geçendigi nämälim, yöne bir zat welin anyk: obada ol aýala "künti" diýilýärdi. Hat-da, ýaş oglanlaryň "Ogulsona, hemme erkekden dogursana," diýşip, onuň üstünden gülenleri hem kem däldi. We bularyň aglabasam erkeklerdi, töhmediň asyl düýbi hem arçynyň bet pälinden başlapdy.
Indi Läle ulaldy; eklenç başa düşende türke gaýtmaly boldy. Indiki hepdä bilet alyp, äri, çagalary we ejesi bilen hoşlaşjak wagty, ol ejesini däl-de, ejesi, Ogulsona daýza ony taşlap gidiberdi. Ölen bilen ölünmeýär. Käbesini iň soňky ýola ugradyp, türke gaýtdy.
Mähriban ene heý-de öz balasynyň açlygyna döz gelermi? Ony asyl köseýän kesekileriň paýyş sözleri däldi; eziz perzendiniň açlygy ony has kyn güne goýýardy.
Eýsem, Läläniň gyzyna hem ejesi we mamasynyňka meňzeş agyr ykbal garaşýarmyka?
(Hekaýa doly dynmady. 23-nji Oktýabr 2021, Stambul.)