"Çingiz han" kitaby.
W. Ýan. (Wasiliý Grigorýewiç Ýançeweskiý)
2-nji neşir.
Roman.
Türkmen diline geçiren Meret Sopyýew.
"Türkmenistan" neşirýaty.
Aşgabat 1980.
Ýan W.
Çingiz han. (Roman)., 2-nji neşir. Rus. terjime eden: M. Sopyýew. A., "Türkmenistan", 1977.
424 s.
50 000 ekz. 1 m 40 k.
"Çingiz han" atly bu eser ýazyjy W. Ýanyň dünýä belli trilogiýasynyň birinji kitabydyr.
Romanda Horezm döwletiniň halklarynyň mongol-tatarlara garşy alyp baran gaýduwsyz göreşleri, halkyň däp-dessury obrazlaryň üsti bilen ynandyryjylykly beýan edilýär.
Ýan W. Çingiz han. (Roman).
№ 107 26 2.
TSSR-iň Kitap palatasy 1977
Ýa 70302- / M551 (15) - 77 84-77
Türkmen diline terjime edildi.
"Türkmenistan" neşirýaty, 1980.
Birinji kitap
Beýik Horezmde asudalyk
Birinji bölüm
Derwüş ýapynjasynda
Birinji bap
Altyn laçyn
Biziň üstünde ýaşaýan ýerimiz serilen köne, solan ýapynja meňzeşdir. Ol hemme tarapyndan çäksiz uly suw bilen gurşalyp alnan ada görnüşindedir.
(Gadymy arap okuw kitabyndan)
Ýazyň ilki başlarynda beýik Garagum düzlüginiň çäge aňňatlarynyň üstünde gijigen gar syrgyny möwç urýardy. Çägäniň arasyndan kynlyk bilen çykan selçeň, egrem-bugrym çerkez-çetileri gazaply ýel galgadýardy. Gar bolsa ýerden göge göterilýärdi. Bir hüjüräniň ýanynda on-on bir sany düýe bitertip üýşüp, biri-birlerine gyslyşyp durdy. Bu kerweniň adamlaryna näme bolduka? Düýeleriň üstündäki agyr ýükleri näme üçin düşürmändirler?
Düýeler gardan dolan tüýlek kellelerini ýokary galdyryp, hasratly bozlanda, olaryň sesi ýeliň şuwwuldysyna gatyşyp gidýärdi. Uzakdan jaň sesi geldi... Düýeler şol tarapa seredişdi. Bir gara eşek göründi. Eşegiň yzy bilen bolsa, onuň guýrugyndan ýapyşyp, uzyn ýapynjaly we Mekgä zyýarata gidip geleniň alamaty hökmünde çüri telpeginiň daşyna ak peş saralan, derwüş sypatly, sakgallak bir adam zordan ýöräp gelýärdi.
---
Derwüş - parsyça "diwana, gedaý" diýen sözdür. Derwüşler özbaşlaryna bir topar bolup, piriň ýa-da şyhyň baştutanlygy astynda birleşýärdiler. Derwüşler meýletin garyplyk nyşany hökmünde, bilgeşli köp sanly bolar-bolmaz ýamalar salnan ýapynja geýýärdiler we guşak guşanman, ýüp guşanýardylar. Ilki başlarda derwüşleriň arasynda filologiýa meseleleri bilen meşgul bolan meşhur şahyrlar we alymlar hem bardy. Soň-soňlar derwüşler kesellileri okamak bilen bejerýän kişi bolan bolýan, pal atmak, doga satmak we her dürli aldawçylyk bilen meşgul bolýan mugthorlara, halkyň düşünjesizliginden we nadanlygyndan peýdalanýan hilegärlere öwrüldiler.
sahypa 7.
- Haýdaweri, haýdaweri! Ýene birnäçe ädim ädeweri, onsoň saman paýyňy alarsyň. Oňa bir seretsene, wepaly dostum Bekir, biz kimlere duşduk! Düýeleriň ýanynda olaryň eýeleri-de bardyr, hyzmatçylar bolsa eýýäm ot ýakandyrlar. Oduň başyna on adam ýygnanan ýerde eýsem on birinji üçin birki agyz şüle tapylmazmy? Eheý, ynsmysyň-jynsmysyň, dillen? Musulman bendeler, ses beriň!
Hiç kim ses bermedi. Kerweniň iň öňündäki düýäniň boýnundaky çat açan jaň güňleç jaňňyrdady.
Üstüne gar syran ýolagçy eşegini salyp, daşy pessejik haýatly jaýyň daşyna haýallyk bilen aýlanyp çykdy. Ussatlyk bilen haşamlanan gapynyň daşyndan taýak direlgidi. Jaýyň syrtynda, çäge aňňatlarynyň arasyndaky bir meýdançada, akly-garaly daşjagazlar bilen yhlasly bezelen sessiz-sedasyz mazarlar hatarlanyşyp ýatyrdy.
Ýolagçy öz eşegini gamyş bassyrmanyň aşagynda baglap duran ýerinden:
- Derwüş Hajy Rahym Bagdady size salam berýär, eý ýuwaş jülgäniň hemişelik uklan hormatly mekançylary! - diýip hümürdedi. - Bu sedasyz üýşmelegiň müjewüri niredekä? Ol, belki, jaýdadyr?
Derwüş bir ala torba çörek dograp, ony eşeginiň başyndan asdy.
- Wepaly dostum, azygymyzyň iň soňky galyndylaryny saňa berýärin. Iýmit saňa has gerekdir. Biz şu gijeden doňman çyksak, ertir sen meni süýräp äkidersiň. Men bolsam bereketli Arabystanyň hurma agaçlarynyň astynda günüň bizi nähili gyzdyrandygyny ýatlap, şoňa çoýunaryn.
Derwüş gapa direlgi taýagy aýryp, taşlady-da gapyny açdy. Jaýyň ortarasyndaky ojakda sönen oduň közleri kül bolup ýatyr. Jaýyň ýokarysy gümmez bolup, süýr depesinde tüsse çykýan deşigi bar. Törde bolsa, diwara arkalaryny berip, dört sany adam çommalyp otyr.
- Essalawmaleýkim, hudaýyň eziz bendeleri! - diýip, derwüş seslendi. Oňa jogap bermediler. Ol bir ädim öňe ätdi. Oturanlaryň butnamazlygy, seslerini çykarmazlygy we ýüzleriniň ak tamlygy we ony dessine g
Çingiz han
No comments:
Post a Comment